DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Jaýlary 3D printerde «çap ederler»

«AMT» kompaniýasynyň «Skolkowo» Gaznasynyň rezidenti Ýaroslaw oblastynyň Tunoşna şäherçesinden uzak bolmadyk ýerde 1,5 gektar meýdanda okuw şäherçesiniň taslamasynyň amala aşyrylyp başlanandygyny habar berdi. Bu barada «mail.ru» habar berýär.

Şäherçede dürli binagärlik stilinde gurlan 12 jaý bolar. Binalaryň 3D printerde çap edilmegi bolsa olaryň esasy aýratynlygy bolar.

Jaýlary «S-300» meýdan gurluşyk printerleriniň kömegi bilen çap ederler. Kompaniýanyň eýýäm bir jaýyň gurluşygyny tamamlap barýandygy barada habar berilýär. Ikini jaýy (100 m2 meýdanly koteji) bolsa 30 sagatda galdyrmagy meýilleşdirýärler.

Munuň birinji çap edilen jaý däldigini bellemek gerek. «AMT» kompaniýasy 2017-nji ýylda Ýaroslaw oblastynda birinji jaýy 3D printerde çap edipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: