Lukmançylyk maslahatlaryny berjek robot işläp taýýarlanyldy
«Google» kompaniýasynyň «Med-PaLM» 2 emeli intellekte eýe lukmançylyk çatboty ABŞ-nyň Maýo klinikasynda we beýleki lukmançylyk edaralarynda işjeň synagdan geçirilip başlandy. Bu barada «The Wall Street Journal» ýazýar.
Neşiriň maglumatlaryna görä, synag şu ýylyň aprel aýynda başlandy.
«Google» kompaniýasynyň AI-çatboty lukmançylyga degişli ähli soraglara jogap almak üçin döredilendir. Işläp düzüjileriň pikiriçe, bu taslama lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiligi çäkli ýurtlarda has peýdaly bolar. Žurnalistler tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijesine görä, «Med-PaLM 2» häzirki wagtda söz takyklygy bilen baglanyşykly kynçylyk çekýär, ýöne bäsleşige ukyply işläp düzüjiler başga dil modellerinde bu kynçylyklary eýýäm ýeňip geçmegi başardylar.
Gözlegiň dowamynda «Med-PaLM 2» jogaplarynda lukmanlaryň beren jogaplaryna seredende has nädogry we näsaga degişli bolmadyk maglumatlaryň ýüze çykandygy aýdylýar. «Google»-yň gözlegler boýunça baş direktory Greg Korradonyň sözlerine görä, «Med-PaLM 2» häzir ösüşiň başlangyç döwründedir. Öndüriji kesgitlemäniň anyklygyny we näsaglaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin iň soňky emeli intellekti barlamagy dowam etdirmegiň möhümdigini nygtaýar.