JEMGYÝET

Alymjan Işankulyýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Alymjan Işankulyýew «Äleme nur saçýar Türkmenistanym» atly eserleri bilen Medeniýet ministrligi bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda suratkeşleriň arasynda yglan edilen «Bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbi» atly döredijilik bäsleşiginiň dizaýn ugry boýunça ýeňijisi boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bu bäsleşigiň bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi hem-de oňa hödürlenen işleriň sergisi guraldy. Döredijilik bäsleşiginiň sergisinde sungat eserleriniň 200-den gowragy görkezildi. Lebaply suratkeşden başga-da, nakgaşlyk boýunça Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary Baýram Nuryýew «Mejnun», Berdimuhammet Saparow zergärçilik boýunça «Bedew», amaly-hasam eserleri boýunça ady agzalan bilim ojagynyň talyby Sähragül Peşşiýewa «Ak durnalaryň aýdymy», keramika boýunça Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursunsolmaz Muhammedowa «Ylham», grafika boýunça Balkan welaýatynyň Serdar çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Gurbandurdy Tekäýew «Aşyk oýny», heýkel eserleri boýunça erkin dörediji, heýkeltaraş Eminjan Şaýmardanow «Alaw guş — kaknus» atly eserleri bilen birinji orna mynasyp boldular. «Bagtyýarlygyň çeper keşbi» ady bilen geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: