YLYM WE TEHNIKA

Alymlar köp gezek ulanylýan kagyz döretdiler

Nanýan tehnologiki uniwersitetiniň alymlary günebakaryň däneleriniň tozgasyndan kagyz ýasadylar. Bu barada «mail.ru» ýazýar.

0,03 millimetr (adamyň saçynyň takmynan ýarym galyplygynda) galyňlykda alnan kagyzda lazer printeriniň kömegi bilen «Güfnebakarlar» diýen suratlar toplumyndan birini çap edipdirler. Kagyz printerden ýyrtylman we zaýalanman geçipdir. Soňra alymlar ony gowşak aşgar salnan ergine ýerleşdiripdirler we onda iki minutlap saklapdyrlar. Şonda kagyz çişip, reňkiň gatlagy aýrylyp başlapdyr. Soňra surat kagyzdan doly aýrylypdyr.

Guradylandan soň kagyz öňki ýagdaýyna gelipdir we täzeden ulanmaga taýýar bolupdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: