DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Alymlar neolit döwründe Ýeriň magnit meýdanynyň gowşak bolandygyny ýüze çykardylar

Ysraýylyň, Italiýanyň we ABŞ-nyň alymlary arheologiki tapyndylary öwrenmek bilen, Ýeriň neolit döwründäky magnit meýdanyny täzeden döretdiler. Bu barada «lenta.ru» habar berýär.

Hünärmenler Iordaniýanyň Wadi-Faýnan arheologiki ýadygärliginiň çäginden tapylan on müň ýyl mundan ozalky döwre degişli kreminiň we keramikanyň böleklerini öwrenipdirler. Bu gadymy tapyndylardaky ferromagnit minerallarynyň ujypsyzja ululykdaky kristallarynda geçen döwrüň magnitliligi barada maglumat «gatan» görnüşinde saklanyp galýar. Barlamhana şertlerinde ony şol ýerden «çykaryp» bolýar.

Alymlar neolit döwründe Ýeriň magnit meýdanynyň ujypsyz bolandygyny ýüze çykardylar. Biziň eramyzdan öňki 7700-nji ýylda ol häzirkisiniň üçden bir bölegine barabar bolupdyr. Biziň eramyzdan öňki 7000-nji ýylda ol köpelipdir. Biziň eramyzdan öňki 5200-nji ýyldan soň ol ýene-de gowşap başlapdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: