Tuwalu — dünýäniň iň dar ýurdy
Häzirki wagtda Tuwalu dünýäniň iň dar ýurdy hasaplanylýar. Ýurduň tutýan umumy meýdany 26 inedördül kilometr. Ol 3 sany adany we 1 sany atoly (halka ýa-da üzülen halka görnüşli merjen adasyny) eýeleýär. Döwletiň 11 müňe golaý ýaşaýjysy bar, diýip «mail.ru» ýazýar.
Adalar biri-birinden ep-esli uzaklykda ýerleşýärler. Olaryň iň daşdakysy 67 kilometr uzaklykda. Ýaşaýjylaryň köpüsi merkezi adada — Waitupuda ýaşaýar. Onuň meýdany 5 inedördül kilometr. Adalaryň iň kiçisi 420 metr.
Ýurduň çäginde hiç hili daglyk we düzlük ýerler ýok. Emma owadan kenarýakalary bilen özüne çekýär. Ada tiz-tizden suw almak howpy abanýar.
Tuwalu Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýär we halkara syýasy gatnaşyklara doly gatnaşýar. Ýurtda syýahatçylygy ösdürmek boýunça dürli çäreler görülýär.