DÜNÝÄDÄKI HABARLARYLYM WE TEHNIKA

Alymlar gygyrmagyň alty görnüşini ýüze çykardylar

Sýurih uniwersitetiniň alymlary barlag geçirdiler we adamyň alty duýgusyny nähili gygyrmak arkaly bildirýändigini ýüze çykardylar. Barlagyň netijelerini «PLOS Biology» žurnaly çap etdi diýip, «Известия» habar berýär.
Şweýsariýaly alymlaryň aýtmaklaryna görä, adamlar belli bir sebäplere görä bokurdagyna bat berýärler, özem ol diňe gorky bilen baglanyşykly däl. Alymlar gygyrmagyň alty görnüşini tapawutlandyrdylar. Olar gahar, agyry, lezzet, gorky, begenç we gaýgy bilen baglanyşykly. Işiň awtorlary pozitiw seslere adamlaryň çalt baş galdyrýandyklaryny we dogry düşünýändiklerini bellediler.
2019-njy ýylda Kanadanyň Konkordiýa uniwersitetiniň alymlary gartaşan adamlaryň ömrüniň dowamlylygynyň duýgularyň täsirine baglydygy barada ýazdylar. Hünärmenler ýygy-ýygydan gaharlanýan adamlar sowuklama we dowamly kesellerden köp ejir çekýärler hem-de ortaça az ýaşaýarlar diýen netijä geldiler.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply