• Mon. Sep 28th, 2020

Gök we miwe önümleriniň bolçulygy döredilýär

Jul 27, 2020

Lebap welaýat «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginde ilaty ter miwe, gök we bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça maksada laýyk işler alnyp barylýar.
Birleşikde iki sany sowadyjy ammaryň bolmagy ilaty ýylyň dowamynda ter önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Olaryň biri 1000, ikinjisi 3000 tonna önüm saklamaga niýetlenendir. Häzir olarda 1700 tonna töweregi ýeralma, 140 tonna golaý sogan, 60 tonna töweregi şugundyr, 30 tonna gowrak garpyz, 2,5 tonna hyýar, 10 tonna gowrak kelem saklanylýar.
Oba hojalyk senagat birleşiginde ýeralma we sogan öndürmek we tabşyrmak boýunça kärendeçiler bilen aýratyn şertnama baglaşylýar. Häzir 266 kärendeçi bilen ýeralma, 172 kärendeçi bilen sogan öndürmek boýunça baglaşylan şertnamalaryň esasynda işlenilýär. Beýleki gök, bakja we miwe önümlerini öndürmek boýunça 140 daýhan birleşikleri we hojalyklary bilen şertnama baglaşyldy.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: