Halaçda ýylyň başyndan bäri 4 müň tonna nah ýüplük öndürildi
Halaç etrabyndaky nah ýüplük egriji fabriginde şu ýylyň geçen 10 aýynda hem nah ýüplükleriň 3 müň 918 tonnasy öndürildi.
Bu barada welaýat neşiri habar berdi.
Şeýle-de degişli döwürde taýýar önümleriň 1 müň 85 tonnasy, ýagny, 16 million 493 müň manatlygy Türkiýe, Russiýa Federasiýasy, Özbegistan ýaly döwletlere eksport edildi.
Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil dokma enjamlary bilen birkemsiz enjamlaşdyrylan nah ýüplük egriji fabriginde nah ýüplükleriň 14-lik, 17-lik, 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilýär.