Tagtabazar etrabynyň sähra merdanlary owlak-guzy möwsümine hemmetaraplaýyn ykjam taýýarlykly geldiler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Üstümizdäki ýylda etrabyň edermen maldarlary dowarlardan owlak-guzy almak möwsümini ýokary derejede geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Tagtabazar etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygy geçen ýyly-da netijeli jemledi. Bu ugurda çopanlaryň baý iş tejribesi bar. Häzirki wagtda hojalykda jemi 171 müňden gowrak baş mal bar. Şu möwsümde 97 müň 769 ene goýundan 90 müň 260 sagdyn guzy almak meýilleşdirilýär.

