BIZE YAZYARLAR

Orkida we Golland gülleri

Orkida güli dünýädäki iň uzyn gül bolmak bilen onuň boýy 20 metre ýetýär.

Golland bägülleri taryhyň hiç bir döwründe-de gymmatyny ýitirmändir. XVII asyrda bu bägülleriň iň gymmatbaha metallardan hem gymmatly bolandygy barada käbir maglumatlar bar.

Dünýäde ýaşy iň uly gül 2001-nji ýylda Hytaýda ýüze  çykaryldy. Alymlaryň çaklamagyna görä, bu gülüň 125 million ýaşy bar.

 Şirin Atajanowa,

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

 

 

 Iň uly gül we çemen

Dünýäniň iň uly güli hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giren gül Amerika Arizonasynda ýetişdirildi.Ululygy futbol meýdanyna barabar gülde 2000-den gowrak gunça gülläpdir.

Dünýäde henize çenli boglan iň uly çemende 70 müňden gowrak gül bardy. Onuň boýy 23 metrden hem geçýär.

Bägüller gyrkylandan soň hem ösüp bilýän ýeke-täk güldür.

 Jahan Begmyradowa,

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.