YKDYSADYÝET

Halaçda 1649 tonna nah ýüplük öndürildi

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Halaç etrabyndaky nah ýüplük egriji fabriginde şu ýylyň geçen dört aýynda hem nah ýüplükleriň 1 müň 649 tonnasy, pul hasabynda bolsa 21 million 55 müň 199 manatlygy öndürildi.

Şeýle-de degişli döwürde taýýar önümleriň 1 müň 255 tonnasy, ýagny, 16 million 42 müň 790 manatlygy ýerlenildi.

Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil enjamlary ornaşdyrylan fabrikde, esasan-da, nah ýüplükleriň 14-lik, 17-lik, 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilýär. Doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan bu kärhanada ýokary hilli nah ýüplükleriň öndürilişi barha artdyrylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: