JEMGYÝETTÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmen lybaslary dünýä kinematografiýasynda

Nemes režissýory Filipus Stelzl tarapyndan 2014-nji ýylda surata düşürilen «Tebip: Ibn Sinanyň şägirdi» atly çeper filmde türkmen zenanlarynyň milli lybaslarynyň ulanylmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Prokatda 54 million dollar girdeji gazanan filmdäki wakalar XI asyrda Angliýada we Gündogarda bolup geçýär.
11 ýaşly Robert Kolyň ejesi köriçegeden ölensoň, ol syýahatçy tebipden Barberden öz hünärini öwretmegi haýyş edýär. Ýöne tebibiň hem käbir kesellerden ejiz gelýändigine göz ýetiren Robert Persiýada ýaşaýan lukman Ibn Sina barada eşidip, onuň ýaşaýan ýerine gelýär.
Filmiň käbir sahnalarynda iňlis aktrisasy Emma Rigbi tarapyndan janlandyrylan gahrymanyň eginindäki türkmen milli lybaslary ünsi özüne çekýär. Persiýaly Rebekka baş gahryman köp ýerde ýardam berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply