SPORT WE SYÝAHAT

Afrikadan üç topar futbol boýunça 2022-nji ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşar

2022-nji ýylda futbol boýunça geçiriljek dünýä çempionatyna Afrikanyň saýlama jogap oýunlaryň netijeleri boýunça Katara Marokkonyň, Tunisiň we Kamerunyň ýygyndylary giderler. Bu barada «Российская газета» ýazýar.

Alžir Kameruny Blid stadionynda kabul etdi. Birinji oýun alžirlileriň peýdasyna (1:0) tamamlanypdy. Ýöne bu gezek esasy wagtda Erik Şupo-Motingiň gol urmagy bilen duşuşyk kamerunlylaryň peýdasyna tamamlandy.

Goşmaça wagtda Ahmet Tuba Alžiri öňe çykardy, ýöne goşulan dördünji minutda Karl Toko Ekambi pökgini garşydaşynyň derwezesine geçirdi. Bu Kameruny dünýä çempionatynyň final oýunlaryna çykardy.

Jogap oýunda Marokko Kongo Demokratik Respublikasynyň toparyny ýeňdi we Katara gitmäge hukuk gazandy.

Öňki oýunda Malini 1:0 hasabynda ýeňenlerinden soň tunisiň futbolçylary nol hasaply deňlige kaýyl boldular. Bu bolsa olary çempionata çykardy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: