Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Angliýanyň çempionatynda «Mançester Ýunaýted» «Tottenhemi» uly hasap bilen utdy

Nov 1, 2021

Angliýanyň futbol boýunça çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň duşuşygynda «Mançester Ýunaýted» «Tottenhemi» myhmançylykda 3:0 hasabynda utdy.

Gollary Kriştianu Ronaldu (39-njy minutda), Enison Kawani (64-nji minutda) we Markus Reşford (8-nji minutda) urdular.

«Mail.ru»-nyň ýazmagyna görä, ähli duşuşyklarda Ronaldu «Tottenhemiň» derwezesine 11 gol urdy. Portugaliýaly futbolçy iňlis toparlarynyň hiç biriniň derwezesine şonça pökgi geçirmedi. Angliýanyň çempionatynda «Tottenhem» öz meýdanyndan dördünji gezek «Mançester Ýunaýtedden» utudly.

10 duşuşykdan soň «Mançester Ýunaýted» 17 utuk bilen turnir tablisasynyň bäşinji ýerini eýeleýär. «Tottehem» 15 utuk bilen sekizinji ýerde barýar.

Adblock
detector