DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Afrikada Y-hromosomaly adamlar tapyldy

Alymlar Afrikada dünýäniň beýleki adamlaryndan fiziki taýdan tapawutlanýan taýpany tapdylar. Özem, olarda Y-hromosoma tapyldy. Ol bolsa diňe iň ilki adamlarda duş gelýär. Bu barada «mail.ru» ýazýar.

Bu adamlary gottentotlar (özleri muny ýokuş görýärler) diýip atlandyrýarlar. «Gottentot» golland dilinden «sakaw» diýlip terjime edilýär. Olar bu ady gepleýşiniň aýratynlyklary üçin aldylar.

Bu halkyň dili bar bolan dilleriň birine hem meňzemeýär. Ol guşlaryň jüýgüldisine, tebigatyň seslerine çalymdaş. Dilde köp süýkeş çekimsizler, «s» harpyna meňzeş sesler we beýleki elementler kän. Ýewropalylara bu sakawlan ýaly bolup eşidilýär.

Gottentotlar özlerini koý-koýinler diýip atlandyrýarlar. Bu halkyň köp bölegi Namibiýada we Günorta Afrika Respublikasynda ýaşaýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: