JEMGYÝET

Uçarmansyz uçýan enjamlara kömege çagyrýan adamlary tapmagy öwrederler

Fraungoweriň aragatnaşyklar, habary gaýtadan işlemek we ergonomika institutynyň (Germaniýa) alymlary uçarmansyz uçýan enjamlara kömege çagyrýanlary netijeli bellige almagy öwretmegiň üstünde işleýärler. Bu barada «hi-tech.news» ýazýar.

Halas edijileriň ýaşaýyş üçin howply ýagdaýa düşen adamlary çalt tapmaga mümkinçilik berýän ulgamy döretmek bu işiň maksadydyr. Munuň üçin dronlar mikrofonlaryň toplumy bilen üpjün edildi. Şonda tötänleýin çykýan sesleri aýryp goýup, kömek soralýan sesleri ýygnaýan ýörite usul ulanylýar. Bu uçarmansyza adamyň ýerleşýän ýerini takyk anyklamaga mümkinçilik berer. Şondan soň ol ýere halas ediji gullugyň işgärleri iberiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: