«Emmi» ýanwarda gowşurylar
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Telewideniýe akademiýasy 75-nji gezek geçiriljek «Emmi» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasynyň geljek ýylyň 15-nji ýanwarynda meýilleşdirilýändigini habar berdi.
Dabara, aslynda, indiki aýda ― 18-nji sentýabrda geçirilmelidi, ýöne ýurtda aktýorlaryň we edebi esasçylaryň närazylyklary sebäpli ol başga bir güne süýşürildi.
Meşhur baýraga dalaşgärleriň arasynda «Mirasdüşerler», «Ak Lotos», «Ted Lasso», «Uensdeý» hem-de «Aždarhanyň öýi» köp bölümli filmleri beýlekilerden has güýçli görünýär.