Hindistanda ilkinji uçýan taksiler ýola goýlar
7-8 aýdan soň, e200 kysymly uçýan ulag ilkinji uçuşyny amala aşyrar-diýip, News18 neşiri, «ePlane» kompaniýasyny esaslandyryjy Satýa Çakrawartiniň maglumatlaryna esaslanyp, habar berýär.
-Biz, aerotaksini çäkli giňişlige gonup, hindi howa giňişligindäki beýleki zatlaryň hatarynda uçup biler ýaly ykjam edip işledik. Batareýasyna zarýad bermezden ozal, onuň bilen gysga aralygy birnäçe gezek geçmegi meýilleşdirýäris – diýip, Çakrawarti aýtdy.
Uçýan taksiniň bahasy ýerüsti ulaglaryň bahasyndan iki esse köp bolup biler.