JEMGYÝET

Balkan welaýatynda bakja we gök önümler ýygnalýar

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň ekerançylary häzirki wagta çenli ýeralmanyň 1962 tonnasyny, käşiriň 1982 tonnasyny, kelemiň 1 müň tonnasyny, pomidoryň 3 müň tonnadan gowragyny we bakja önümleriniň 10 müň tonnadan gowragyny taýýarladylar hem-de elýeter bahadan ilata ýetirdiler.

Bu görkezijiler bellenilen şertnamalaýyn borçnamadan has artykdyr. Gazanylýan üstünliklere etrabyň «Türkmenistan», Magtymguly adyndaky daýhan birleşikleriň kärendeçileri saldamly goşant goşýarlar. Häzirki wagtda ekerançylar meýdanlardaky gök-bakja önümlerini ýygnamagy dowam etdirýärler.

Bu barada «Bereketli toprak» gazeti habar berýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: