JEMGYÝET

Türkmenabat şäherinde täze dermanhana açyldy

 Türkmenabat şäherinde täze dermanhananyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Ol Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, «Tebigat çeşmesi» hususy kärhanasyna degişlidir we bu onuň dördünji şahamçasydyr. Galanlary beýleki welaýatlarda ýerleşýärler. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň deputatlary, ýaşulular, bilim ulgamynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dermanhanyň bir gatly jaýy 500 inedördül metri eýeleýär we 8 sany dürli otaglardan ybarat. Dermanhananyň derman serişdeleri, lukmançylyk enjamlary we ammar bölümleri bar. Müşderiler bu ýerde Türkmenistanda, şonuň ýaly-da meşhur daşary ýurt kompaniýalarynda öndürilen dermanlary, derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny satyn alyp bilerler. Dermanhananyň gurlan ýeri hem ýöne ýere saýlanyp alynmandyr. Onuň ýanynda enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş hem-de «Ene mähri» merkezleri ýerleşýär. Bu bolsa näsaglar we olaryň hossarlary üçin gerekli dermanlary gözlemekde amatlydyr. Ýene bir amatly tarapy — dermanhana ertir sagat 7-den agşam sagar 23-e çenli işleýär. Bu ýerde 3 farmasewt, 5 prowizor, lukmançylyk serişdeleri we enjamlary boýunça 2 sany sany maslahatçy müşderilere hyzmat edýärler. 2 sany farmasewt sorag-jogap bölüminde işleýär we islendik wagt müşderileriň soraglaryna jogap berýär hem-de olara gerekli dermanlary we serişdeleri gözlemäge kömek edýär, şonuň ýaly-da  gerekli maslahatlary berýär. Bu ýerde jemi on ýedi täze iş orny döredi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: