BILIM

Lebaply mugallymlar rus uniwersiteti tarapyndan berlen hünär ýokarlandyryş okuwyna gatnaşdylar

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Aşagabat we Arkadag şäherleriniň bilim edaralarynyň 223 mugallymy Russiýanyň Naberežnyýe Çelny Döwlet pedagogika uniwersiteti tarapyndan guralan hünär ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Türkmenistanyň ýokary we umumybilim berýän mekdepleriniň mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary alty gün dowam etdi. Türkmen bilim edaralarynyň işgärleri edebiýat, rus dili, başlangyç synplarda labyzly okaýyş, matematika, informatika, himiýa we biologiýa ýaly ugurlar boýunça hünärlerini ýokarlandyrdylar.

Şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ilkinji tejribe bolup durýar, munuň geljekde-de dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär diýip, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ikinji sekretary Kirill Woronkow aýtdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: