Farap etrabynyň merkezi kitaphanasynda okuw maslahaty geçirildi
Farap etrabynyň merkezi kitaphanasynda «Elektron kitaplarynyň ýaşlaryň aň-düşünjesini artdyrmakdaky orny» atly okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden we Lebap welaýatynyň ähli etraplaryndan kitaphana işgärleri gatnaşdylar.
Okuwyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» kitaby bilen tanyşdyryş dabarasy boldy. Soňra ösüp gelýän nesilde kitap okamaga höwes döretmegiň usullary, elektron neşirler, olaryň ýaşlaryň ýaşlaryň aň-düşünjesini ösdürmekdäki orny barada giňişleýin gürrüň edildi we özara pikir alşyldy. Okuw «Magtymguly diýip adym tutsalar…» atly okyjy konferensiýasy geçirildi. Onda meşhur şahyrlar Agageldi Italmazow, Agamyrat Soltanow we ýaş şahyrlar özlerini goşgularyny okadylar we Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada söhbet etdiler.
«Magtymguly — dana şahyr, sözleri dürdäne şahyr» atly sergi bolsa Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.