SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň milli ýygyndymyzyň derwezeçisi «Altyn Asyrda» oýnar

Türkmenistanyň çempiony «Altyn Asyr» topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň öňüsyrasy milli ýygyndymyzyň derwezeçisi Batyr Babaýewi düzümine goşdy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

B.Babaýewiň geçen möwsümde Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» toparynda çykyş edipdi.

Mundan başga-da, 2020-nji ýylda «Migrasiýa» toparynyň hatarynda ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasyna gatnaşan Ruslan Täjiýew, 2020-nji ýylyň futbol möwsüminde «Nebitçiniň» ýaşlar düzüminde çykyş eden Arslan Saparow hem hünär ýollaryny «Altyn Asyrda» dowam ederler.

Şeýle-de, geçen möwsüm kärendesinde «Şagadamda» çykyş eden Möwlamberdi Goşşanow «Altyn Asyra» dolandy. M.Goşşanowyň geçen möwsümiň jemi boýunça «Şagadam» topary bilen futbol çempionatymyzyň bürünç medalyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Mundan başga-da, paýtagtymyzyň topary geljegine umyt bildirilýän ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine geçirdi.

Paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» topary geçen möwsümiň jemi boýunça bassyr sekizinji çempionlygyny gazanmagy başarypdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: