JEMGYÝET

56 ýyl mundan ozal ýiten uçar tapyldy

Hünärmenler gidrografiki enjamy barlap ýören wagtlary Kaliforniýadaky Falsom kölüniň düýbünde ýatan uçary ýüze çykardylar. Ol 1965-nji ýylda ýiten howa gämisidir diýlip çaklanylýar, diýip «mail.ru» ýazýar.
Radarda alnan suratlarda 49 metr çuňlukda läbigiň içinde ýatan uçar görünýär. Onuň ýanyna suwasty roboty goýberdiler. Ol uçaryň guýrugyny we perreklerini surata düşürdi. Ol 56 ýyl mundan ozal ýiten uçar boluň çykdy.
Bu doly tassyklamak üçin ýeterlik däl. Ýöne bir zat welin mälim: uçar 1965-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna başga bir kiçijik uçar bilen çaknyşanyndan soň suwa gaçdy. Gözleselerde, ony tapyp bilmediler. Zeper ýetendigine garamazdan, beýleki uçar, aerodroma çenli uçup barmagy başardy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: