JEMGYÝET

Türkmenabat halkara howa menzilinde ýük daşalyşynyň göwrümi artýar

Türkmenabat halkara howa menzilinden 2021-nji ýylyň ilkinji çärýeginde 418,3 tonna ýük ugradylyp, 673,5 tonna ýük kabul edildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.
Ugradylan ýükleriň mukdary geçen ýylyň bütin dowamynda iberileniniň ýarymyndan gowrak köpdür, kabul edilenleri bolsa üçden bir bölegine ýakyndyr. Has takygy, 2020-nji ýylda ýükleriň 715 tonnadan gowragy degişli ugurlar boýunça ugradylypdyr, 2146,6 tonna ýük bolsa kabul edilipdir.
Türkmenabat halkara howa menzili döwlete degişli edaralar we kärhanalar bilen bir hatarda, ýerli we daşary ýurtly telekeçiler bilen hem baglaşylan şertnamalaryň esasynda amatly nyrhlarda ýük daşamak hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Onuň ýük ammarynda kabul edilýän ýükleriň hatarynda egin-eşik, awtoulaglaryň şaý-sepleri, telewizor we kompýuterler, sowadyjy enjamlar, matalar we ilatyň sarp edýän beýleki harytlary bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: