JEMGYÝET

Raýatlarymyz daşary ýurtlardan getirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda Hindistandaky we Belarusdaky türkmen raýatlary ýurdumyza getirildi.
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň uçary bilen koronawirus ýokanjy sebäpli serhetleriň ýapylmagy bilen Hindistanda galan türkmen raýatlaryny ýurdumyza getirildi. Ýurdumyza gelen 133 raýatyň aglaba bölegi Hindistana lukmançylyk syýahatçylygy maksady bilen giden raýatlardyr. Şeýle hem olaryň hatarynda türkmen talyplary hem bar.
Deli — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawyny amala aşyran uçarda sanitariýa-epidemologiýa talaplary berjaý edildi.
Şeýle hem “Türkmenhowaýollary” agentliginiň uçary bilen Belarus Respublikasynda okaýan talyplar we bu ýurtda bolan raýatlarymyzyň 247-si ýurdumyza getirildi. Daşary ýurtdan getirilen raýatlar 14 günlik karantin çärelerini berjaý ederler. Şondan soňra olara öýlerine iberiler we belli bir wagtda maşgala lukmanlarynyň gözegçiliginde bolarlar.
Mundan başga-da, Russiýa Federasiýasy hem Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawyny amala aşyryp, Türkmenistandaky 156 raýatyny Russiýa alyp gitdi. Bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär. “S7” awiakompaniýasy bu gatnawy amala aşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply