YKDYSADYÝET

Döwletli etrabyndan alynjak dag jynslary Türkmenistanda sementiň täze görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berer

Döwletli etrabyndaky Akbulak meýdançasynyň dag jynslary Türkmenistanda sementiň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde wise-premýer Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanyna bu barada habar berdi.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi pudagy ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri, hususan-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyk işleri hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklary üçin zerur ýokary hilli gurluşyk serişdelerini çykarmak, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze zawodlary ulanmaga girizmek, ýerli mineral-çig mal serişdeleriniň esasynda önüm öndürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirýär.
Ministrligiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary — bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy.
Täze önümçilikde Döwletlidäki meýdanaçadan başga-da, “Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň dag jynslary peýdalanylar. Bu mineral daşlary özüniň fiziki we himiki häsiýetleri bilen tapawutlanyp, ýokary hilli sement öndürmäge mümkinçilik berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: