JEMGYÝET

25-nji maýdan başlap, Türkmenistanyň ähli sebitlerinden Türkmenbaşy şäherine howa gatnawy ýola goýlar

Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow  25-nji maýdan başlap, ýurdumyzyň içinde howa gatnawlaryny açmagyň, ähli welaýat merkezlerinden Türkmenbaşy şäherine howa gatnawlaryny guramagyň zerurdygyny aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi

Şonuň ýaly-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsüminiň şu ýylyň 15-nji maýyndan başlanjakdygy habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany dynç almak üçin Awaza, şeýle-de beýleki şypahanalara gelmegi Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň tekliplerine laýyklykda ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: