YKDYSADYÝET

Gyýanly polimer zawodynda izobutan önümçiligi boýunça desga gurlar

Ministrler Kabinetiniň 6-njy maýda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu barada degişli Karara gol çekdi.

Şonuň ýaly-da, mejlisde geçen dört aýda gurluşyk-senagat toplumynda önümleri öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnamanyň 151,4 göterim, Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasynyň 112,6 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasynyň 170 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi.

Ýylyň başyndan bäri Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 133,6 göterim berjaý edildi.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önümleri öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça bellenilen meýilnama 171,6 göterim üpjün edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: