SPORT WE SYÝAHAT

Türkmen talyplary ýeňiş gazandylar

«Bitaraplyk» diýen at bilen çykyş edýän türkmen topary Çeboksary şäherinde talyplaryň arasyndaky geçirilen woleýbol ýaryşynda ýeňiş gazandy. Bu barada «Turkmenistan sport 7/24» Halkara žurnalynyň elektron goşundysy ýazýar.

Çuwaşiýa döwlet uniwersitetinde okaýan türkmen talyplaryndan düzülen bu topar woleýbol boýunça bu halkara ýaryşyna ykjam taýýarlykly gelip,  ýeňişlerini baýram etdiler. Ýaryşa Hindistandan, Iordaniýadan, Yrakdan, Müsürden, Gyrgyzystandan, Siriýadan, Täjigistandan, Özbegistandan we Türkmenistandan talyplar toparlary gatnaşdylar. Deslapky bäsleşikleriň jemi boýunça Türkmenistana, Hindistandana, Gyrgyzystana we Özbegistana wekilçilik edýän talyplar toparlary ýaryşyň aýgytlaýjy tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ildeşlerimiz birinji orny eýelediler. 2-nji orna özbegistanly, 3-nji orna gyrgyzystanly talyplar mynasyp boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: