TÜRKMENISTAN HABARLARY

2022-nji ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralary Balkan welaýatynda geçiriler

2022-nji ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň garamagyndaky Balkan atçylyk sport toplumynda baýramçylyk çärelerini we at çapyşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 16-njy sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Resminama laýyklykda, “Berk ýol” hojalyk jemgyýeti bilen abatlaýyş işlerini geçirmek we bellenilen wezipeleri 2022-nji ýylyň aprel aýynda tamamlap, çapuw ýodasyny ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak şerti bilen şertnamany baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýer Orazgeldiýewe iberdi we geljek ýylda Balkan welaýatynda geçiriljek Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: