TÜRKMENISTAN HABARLARY

Täjigistanyň we Türkmenistanyň Prezidentleri möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar

Şu gün — 17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iş sapary başlandy. Saparyň çäklerinde türkmen Lideri täjik kärdeşi Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Bu barada täjik Lideriniň Metbugat gullugyna salgylanmak bilen, «turkmenportal» habar berýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki derejesi we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezidenti Emomali Rahmon ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrjakdygyny aýtdy. Taraplar duşuşygyň barşynda senagatyň, oba hojalygynyň, ulag-aragatnaşyk pudagynyň geljegi uly ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmek, Täjigistana haryt daşamak üçin türkmen deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, şeýle-de medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebitdäki howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda goňşy Owganystandaky syýasy we harby ýagdaýa deglip geçildi. Döwlet Baştutanlary Owganystandaky ýagdaýlaryň tiz wagtda parahatçylykly ýol bilen çözülmegine ynam bildirdiler. Taraplar duşuşygyň dowamynda dünýä jemgyýetçiliginiň we sebitiň beýleki meseleleri barada hem pikir alyşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: