TÜRKMENISTAN HABARLARY

Şu gün Türkmenistanda diplomatik işgärleriniň güni bellenilýär

Lebap welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim we medeniýet işgärleri hem-de talyplar gatnaşdylar.
Onda Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginde tutýan orny, daşary syýasat ugry we bu ugurda gazanylýan üstünlikler barada giňişleýin durlup geçildi. Soňra medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlan konsertine tomaşa edildi.
Maslahata gatnaşyjylar bilen welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Garaşsyzlyk zalyna bardylar we ol ýerde Türkmenistanyň ykdysadyýetinde gazanylan ösüşlere, içeri we daşary syýasatyna bagyşlanan eksponatlara syn etdiler.
Welaýat kitaphanasynda diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan sergi açyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply