DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Bitkoiniň bahasy rekord derejä göterildi

16-njy dekabr güni bitkoiniň bahasy taryhda ilkinji gezek 20 müň dollardan geçdi.
Çarşenbe güni onuň bahasy ýene-de 4-5 göterim gymmatlap, 20 müň 440 dollara ýetdi. Şeýlelikde, bitkoin diňe şu ýylyň özünde 170 göterim gymmatlady. Munuň esasy sebäbi hökmünde iri inwestorlaryň bitkiona has uly umyt bildirmegi görkezilýär. Çünki ony dessine edinip bolýar, onuň inflasiýa garşy göreşijiligi hem güýçli. Geljekde bitkioniň esasy töleg serişdesi bolmagyna garaşylýar.
Ozal iri maýadarlar kriptowalýuta juda bir bil baglamaýardylar. Emma Amerikanyň kripto senagatyndaky ösüş olaryň ynamyny artdyryp başlady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply