YKDYSADYÝET

Azerbaýjana «mawy ýangyjyň» iberilmegi Türkmenistana Ýewropa gaz ýoluny açar

Bu barada Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşmesiniň başlygy, Ykdysatçylaryň Halkara Birleşmesiniň koordinasion geňeşiniň agzasy Ýuriý Aronskiý YHG-niň sammitiniň netijeleri boýunça «centralasia.news» saýtynda çap eden makalasynda ýazýar.

«Sammitiň meýdanynda gol çekilen bir resminama barada aýratyn durup geçesim gelýär. Türkmenistan Azerbaýjana Eýranyň üsti bilen tebigy gazy swop ibermek boýunça şertnama baglaşdy. Eýýäm gol çekilen üç taraplaýyn resminama «mawy ýangyjy» ibermegiň möhletlerini we mukdaryny şertleşdiler» diýip, ol ýazýar.

«1,2-den 2 milliard kub metre çenli mukdardaky ýangyjy ibermeklik baradaka şertnama şu ýylyň 25-nji dekabryndan hereket edip başlar. Türkmenistandan Eýrana günde 5—6 million kub metr tebigy gazy ibermek göz öňünde tutulýar. Bu gaz Eýranyň gaz gazyp alyş ulgamynyň gowşak welaýatlarynyň agramly bölegini üpjün eder» diýip, ekspert dowam edýär we:

«Türkmenistan üçin bu şertnama Hazaryň üstünden gaz geçirijisini gurmazdan, Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropanyň gaz bazaryna çykmak üçin hakyky mümkinçiligiň döreýändigi bilen has möhümdir. Ykdysady nukdaýnazardan Eýranyň üsti bilen Ýewropa bazaryna gazyň iberilmegi biziň ýurdumyz üçin peýdaly. Uly bolmasa-da, Ýewropa gaz aýnasynyň açylmagynyň möhüm ähmiýeti we geljegi bar» diýip, ol aýdanlarynyň üstüni ýetirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: