LUKMANÇYLYK

Omikronyň «diri waksina» hökmünde hyzmat etmegi mümkin

Koronawirusyň täze omikron-ştammynyň tebigat tarapyndan döredilen «diri waksina» bolmagy mümkin, diýip Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň habarçy agzasy, D.A.Engelgardt adyndaky molekulýar biologiýa institutynyň öýjükleriň poluferasiýasy laboratoriýasynyň müdiri Pýotr Çumakow «URA.ru»-a gürrüň berdi, diýip, «Sputnik» radiosy habar berýär.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, «omikron» ştammy onuň bilen kesellän adamlary koronawirusyň agyr görnüşlerinden gorap biler.

Şonuň ýaly-da, Çumakow «omikron» dünýäde mundan beýläk lokdaun yglan etmegiň hökmanylygyny aradan aýrar.

Ol, hakykatdan hem, wirusyň täze görnüşi «diri waksina» bolsa, lukmanlara hem birazajyk dynç almaga mümkinçilik boljakdygyny belledi.