YKDYSADYÝET

Lebapda 13 milliard manatlyk senagat önümleri öndürildi

Üstümizdäki ýylyň geçen döwründe Lebap welaýaty boýunça öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 13 milliard manatdan gowrak boldy.

Şonça möçberdäki önümleriň 3,7 milliard manatdan gowragy bolsa döwlete degişli kärhanalarda öndürildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende işläp bejerýän senagatda önümleriň öndürilişiniň artyş depginleri elektrik energiýasy, nah matalar, çig ýüpek, çörek we çörek önümleri, süýt önümleri we beýleki görnüşler boýunça bellenildi.

Geçen döwürde senagat kärhanalary tarapyndan sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 3 milliard 648,3 million manada barabar boldy hem-de şol harytlaryň umumy möçberiniň 71,4 göterimi eksport edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: