JEMGYÝET

Ýük gatnawyna isleg kän

Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň ýük terminaly arkaly şu ýyl dürli ugurlara ugradylan ýükleriň mukdary 420 tonnadan hem geçdi. Munuň özi geçen ýylyň tutuş dowamyndaky mukdaryň (715 tonna) deň ýaryndan hem kändir.
2 müň 582 inedördül metr meýdany eýeleýän terminalda şu ýyl kabul edilen ýükler bolsa 680 tonna golaýlady.
Ýeri gelende aýtsak, gündogar sebitdäki Halkara howa menziliniň wekilleri daşary ýurtly işewürler bilen hem şertnamalary baglaşyp, halkara ýük gatnawlaryny amala aşyrmaga hem ýakyndan gatnaşýarlar.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply