JEMGYÝET

Türkmenabadyň tikin fabriginde dört aýlyk meýilnama 132% ýerine ýetirildi

Türkmenabadyň tikin fabriginde şu ýylyň başyndan bäri 13 million 895 müň 204 manatlyk önüm öndürildi. Bu göz öňünde tutulanyndan 3 million 416 müň 297 manatlyk köpdür.
Netijede dört aýlyk meýilnama 132% ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirende bolsa, 8%-e ýakyn önüm köp öndürildi.
Fabrikde önümleriň 80-den gowrak görnüşi çykarylýar. Harby eşikler, ulular we kiçiler üçin niýetlenen eşikler, dürli görnüşli düşek toplumlary, ýorgan we ýassyk daşlary, düşek örtükleri ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýar. Geçen ýyl bolsa bu ýerde mekdep okuwçylary üçin ýantorbalary çykarmagy hem özleşdirdiler.
Görkezijiler fabrikde zähmet öndürijiliginiň barha artýandygyndan habar berýär. Şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetiirlen işleriň mukdary bolsa geçen ýyldaky görkezijileriň üçden bir bölegine ýakynynyň eýýäm amala aşyrylandygyna şaýatlyk edýär. 2020-nji ýylda bu ýerde 46 million 597 müň 409 manatlyk önüm öndürilipdi. Bu bolsa meýilleşdirileninden 11 million 91 müň manatlykdan gowrak köpdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply