BIZE YAZYARLAR

Ýogalaryň saglyk usullary

Gadymy hindi ýoga ulgamy adamyň öz-özüni kämilleşdirmegi boýunça örän uzaklara gidipdir. Ýoglar gorky, göriplik, ýigrenç, gabanç, hilegärlik ýaly häsiýetlerden daşda durup, özlerinde ruhubelentligi, rahatlygy, gowy keýpliligi, özüňe ynamy, adamlara söýgini terbiýeläpdirler.

Olar zyýansyzlyk, zulum etmezlik, sabyrlylyk, duýgudaşlyk, ynsanperwerlik, päk ýüreklilik, hakykatçyllyk, ogurlykdan çetde bolmaklyk, aşa kaşaňlykdan gaçmaklyk, ruhy we fiziki arassalyk, kanagatlylyk, şadyýanlyk, çydamlylyk, geçirimlilik, wepadarlyk, paýhaslylyk, seresaplylyk, aýgytlylyk, özüňi tanamaklyk ýaly sypatlary özünde jemlän adam Ýogada kämilleşip biler diýen netijä gelipdirler.

Hakyky ýog köp zat edinmek isleginden daşdadyr. Çünki maddy we psihologik artykmaçlyklara açgözlük saglygyňa erbet täsir edýär. Ähli zatda çakyňy bilmek ýoglar üçin esasy düzgündir. Adam sözleýşinde, duýgularynda, pikirinde özüne erk edip, saklanyp bilmelidir. Ýoglaryň hiç  birisi islendik maşky pikirlenmän ýerine ýetirmeýär: kesgitlenen maşky ýerine ýetirmezden ozal ol maşkyň nämä niýetlenenine gowy düşunýär we maşkyň kömegi bilen isleýän derejesine ýetjekdigine berk ynanýar. Öz fiziki mümkinçiliklerini, psihiki sypatlaryny ösdürmek üçin ýog  bedenine, özüňi alyp barşyna hojaýynçylyk etmäge mümkinçilik berýän  derejäni gazanýar.

Gadymy ýoglar öz-özüňi ynandyrmanyň  ähli kesellerden üstün çykýandygyny  tassyklapdyrlar.

Öz bedenine gözegçilik etmek bilen baglylykda ýoglar islendik  organa ýa-da öýjükler toparyna ünsüňi jemläp, berk hoş meýilli ýüzlenseň, olar diňe bir kadaly ýagdaýa gelmek bilenem çäklenmän, eýsem işini has-da gowulandyrar diýip hasap edipdirler. 

Bedeni syratly derejä ýetirmekde-de ýoglar özleriniň täsin usullaryndan peýdalanýarlar. Usulyň bar syry – aňyň dörediji işinde jemlenýär.

Bu haýalja maşklaryň ulgamy güýçli akyl jemlenmesi bilen bagly oýna meňzeş hereketlerden ybaratdyr. Munda ýoglar ellerine agram salýan işleri (agyrlyklary götermek, ýüpe dyrmaşmak…) edýan ýaly hereketleri ýerine ýetirýärler. Muskullarynyň şu “agyrlyklar” esasynda kem-kemden ösýändigini göz öňünde  janlandyrýarlar.  

 Yhlasly türgenleşileriň birnäçe hepdesinden soň dogrudanam  muskullar islenýan derejede ösüp ýetişýär. Aňyň  dörediji güýji myşsalara   göz öňüne getirilýän keşbini hem göwrümini berýär.

Zülfiýa Oreşowa,

Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň terbiýeçisi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: