BIZE YAZYARLAR

Ösümlikler hakynda gyzykly maglumatlar

Bambuk agajy her gije-gündizde ençeme santimetr ösýär.

Braziliýada süýt agajy bar. Şol agaja tyg degirseň, ondan süýt syzylyp başlaýar. Ondan her gezekde 4 litre çenli süýt alyp bolýar. Ony suwa garyp, otda gaýnadyp içýärler.

Polineziýada ysmanak agajy ösýär. Onuň ýapraklaryny iýmit üçin ulanýarlar.

Dünýädäki iň ýogyn agajyň diametri 8 metre barabar. Kaliforniýada ösýän şol agaç dünýädäki iň beýik daragt hökmünde hem bellidir.

Bir daragtdan ortaça 170 müň galam ýasap bolýar.

Dub, sosna, arça agaçlaryny köplenç ýyldyrym urýar. Derek agajyny bolsa hiç wagt ýyldyrym urmaýar.

Ýer ýüzünde ösümlikleriň 375 müňüsi bar. Olaryň 250 müňüsi gülli ösümliklerdir.

Günorta Afrikada ösýän käbir ýabany injirleriň köki 120 metre çenli çuňluga uzalyp gidýär. Munuň özi 30 gatly bina barabardyr.

Bir daragt ýylyň dowamynda 120 kilogram kislorod öndürýär. Ol 3 adamdan ybarat maşgala bir ýylyň dowamynda ýeterlik bolýar.

Hytaýyň günortasynda duşýan bambuk agajynyň bir görnüşi çalt ösýänligi bilen tapawutlanýar. Bir aýyň dowamynda onuň beýikligi 30 metre barabar bolýar.

Çaryýewa Arzuw

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: