SPORT WE SYÝAHAT

Ýetginjekler toparlarynyň arasynda futbol boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi

2004—2005-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşlar Türkmenabat şäheriniň 12-nji we 14-nji sport mekdepleriniň futbol meýdançalarynda guraldy.

Oýunlara Türkmenabat şäherinden iki topar, welaýatyň ähli etraplaryndan bir topardan, şonuň ýaly-da «Köpetdag-Lebap» topary gatnaşdylar. Dört günläp dowam eden ýaryşlarda Türkmenabat şäheriniň birinji topary iň köp utuk gazandy we birinji orny eýeledi. «Köpetdag-Lebap» topary bolsa ikinji orna mynasyp boldy. Deň utuk gazanan Farap etrabynyň we Türkmenabat şäheriniň ikinji toparynyň futbolçylary üçünji orny paýlaşmaly boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: