BIZE YAZYARLAR

Dünýäden üzňe ösüşleriň täsinlikleri

Amerika materiginde inkler imperiýasy bäş ýüz ýyllap ynsan balasynyň çägindäki adalatly döwleti gurup ýaşapdyrlar. Imperiýanyň ilaty otuz bäş – kyrk million çemesi eken. Her obanyň öz kethudasy bolup, şonuň raýatyndaky adamlaryň kimdir biri açlyk çekäýse, horlanyp, ogurlyk etmäge mejbur bolaýsa, kethudany sud edip türmä atypdyrlar. Şäherlerde, obalarda balary düzgüninde işlenipdir, ýaşalypdyr. Emma Hristofor Kolumbyň ýalňyşyp, Hindistana derek täze materigi açmasy öňki düzgüni üýtgedýär. Häzir iki ýüz elli müň ilaty bar bolan Kusko şol döwürde dünýäniň iň uly şäheri bolupdyr.

Ink döwleti ummasyz uly hem bolsa, entek tigir diýilýän zady, dünýäde ilkinji bolup Kaňly diýen türkmen ýigidiniň araba oýlap tapanyny, asla tigiriň, arabanyň dünýäniň köp ýerine ýaýrap ugrandygyny bilmändir. Olar towuk, at ýaly haýwanlary görmändirler. Gepiň gysgasy, dünýäden üzňe, siwilizasiýa dünýäsiniň ösüşinden hem üzňe bolupdyr.

Inkler Güne sežde edýän ekenler. Olaryň ybadathanalary tutuş altyn plastinalardan bezelipdir. Içinde edilen emeli agaçlar we haýwanlar altyndan bolup, gözleri gaty gymmatbaha daşdan goýlupdyr.

Kuskoda – Ýeriň göbegi atly şäherde äpet-äpet dag harsaňlaryndan salnan ullakan gala bar, oňa uçardan seretseň gala gaplaň şekilinde. Daşlarynyň harsaňlarynyň käbiri 350 tonna, palçyksyz bir-biriniň üstüne örülip salnan galanyň daşlarynyň arasyna sakgal syrýan ýuka päkini girdirmek mümkin däl. Gala deňiz derejesinden üç ýarym müň metr belentlikde ýerleşýär, daşlary hem ençe kilometr daşlykdan, dagyň eteginden getirilipdir.

Ösen tehnika bilen häzir şol galanyň daşlaryny şindiki beýikligine eltmek mümkin däl. Ýa käbir alymlaryň aýdyşy ýaly, inkler bu galany dagyň daşyny ýumşadyp, palçyk hala getirip, ýaňadan doňdurmagy başardylarmyka?

Emma Kuskodaky ol gala dünýäniň baş gudratlarynyň, pynhanlyklarynyň biri bolup galýar!

Alym Mätiýew,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Saýat etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň hünärmeni.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: