Boks boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi

Türkmenabat şäheriniň 8-nji sport mekdebinde boks boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden, Farap, Kerki, Köýtendag, Döwletli etraplaryndan türgenler gatnaşdylar.

Üç günläp dowam eden ýaryşda 168 türgen birinji orny almak ugrunda göreşdi. Türkmenabat şäheriniň boksçylary gowy netijeleri görkezdiler we birinji orna mynasyp boldular. Farap etrabyndan gelen türgenler hem tutluşyklara oňat taýýarlanandygyny subut etdiler. Ýaryşlary jemi boýunça olar ikinji orny eýelemegi başardylar. Çekeleşikli geçen ýaryşlarda Köýtendag etrabynyň türgenleri hem gowy netijeleri görkezdiler we ýeňijileriň üçünji basgançagyna çykdylar. Olar Magdanly şäheriniň sport mekdebinde tälim aýlarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector