SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň paralimiýçileri Hançžou—2022 Aziýa oýunlaryna çagyryldy

Hançžou—2022 Aziýa paralimiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň paralimpiýa komitetine fiziki mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň arasynda geçirilýän yklym birinjiligine gatnaşmaga resmi çakylyk iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Milli paralimpiýa komitetiniň (TMPK) Baş sekretary Ýusup Jafarow habar berdi, diýip, «Туркменистан Спорт 7/224 ýazýar.

Oýunlar 2022-nji ýylyň 9—15-nji oktýabr aralygynda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriler. Ýaryşlara Aziýanyň 45 ýurdundan türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar sportuň 22 görnüşi boýunça ýaryşarlar. Türkmenistanly paralimňiýçiler iki görnüş: parapauerlifting we para atletika boýunça geçiriljek ýaryşlara gatnaşarlar.

Rowaýatda aýdylyşyna  görä, bagt getirýän Feifei hytaý guşy Hançžou—2022 Aziýa para oýunlarynyň tumarydyr. Resmi çakylyk bilen Türkmenistanyň MPK-syna bu tumary hem iberdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: