JEMGYÝET

Ýeňiş güni mynasybetli «Baky oda» gül desseleri goýuldy

Şu gün irden Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenabadyň «Bitaraplyk» seýilgähinde 1941 ― 1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň hatyrasyna dikilen ýadygärlige gül goýmak çäresi boldy.

Oňa welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň, syýasy partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň wekilleri, ýaşulular, kümüş saçly eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çärä ýygnananlar sazlaşykly hatar bilen mundan 78 ýyl ozal gazanylan Ýeňşiň gahrymanlaryny hatyraladylar.

Gül goýuşlyk dabarasyna gatnaşyjylar aramyzda sag-aman ýaşap ýören weteranlarymyzy hormatlamak bilen, aramyzdan aýrylan gerçekleri hem belent sarpa bilen ýatladylar. Esasan, şu günki bagtyýar nesiller Watan gerçekleriniň beýik gahrymançylygynyň öňünde baky tagzym edýärler.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: