BILIM

Ýaşlar baýragynyň dalaşgärlerinden resminamalar kabul edilip başlandy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşi Ýaşlar baýragyna dalaş edýänlerden resminamalaryny kabul edip başlar. Baýraga dalaşgärleri hödürlemegiň Düzgünnamasy türkmen metbugatynda çap edildi.

Baýraga 16 ― 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar dalaş edip biler. Gurama dalaşgärleriň sanawyny 15-nji sentýabra çenli kabul edýär.

Baýrak üçin dalaşgärlerden:

 — 3×4 ölçegli 6 sany surat, maglumatnama, we pasportynyň nusgasy;
— Eýe bolan diplomlary, hormat hatlary, resmi metbuagatda çap bolan işleriniň asyl nusgalary we telewideniýede eden çykyşlarynyň ýazgylary;
— Iş ýa-daokaýan ýerinden, hödürlenýän jemgyýetçilik guramasyndan häsiýetnama;
— Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna agzalyk şahadatnamasy talap edilýär.

Ýaşlar baýragyna hödürlenen dalaşgärleriň resminamalary Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan öwreniler. Onda ýeňiji bolanlar resmi metbugatda çap edilip, guramanyň degişli şahadatnamasy we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanar. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen 2021-nji ýylda 60 adam, geçen ýyl hem 75 adam sylaglanypdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: