Ýanwar — iýun aýlarynda Ahal welaýaty boýunça kitaphanalara täze ýazylan okyjylaryň sany 5400-den geçdi

Netijede, hasapda duran okyjylaryň umumy sany 92 müňe golaýlady. Bu görkeziji welaýatyň kitaphanalarynyň döwrebap hyzmatlaryna islegiň ýokarlanýandygyny görkezýär. Üstümizdäki ýylyň geçen 6 aýynda dürli mazmunly kitaplaryň 217 müňden gowragy, şol sanda syýasy neşirleriň 34 müňden, çeper eserleriň 75 müňden, çagalar edebiýatlarynyň 55 müňden, beýleki neşirleriň 51 müňden gowragy okyjylar tarapyndan okalmaga alyndy.
Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany hem artdy. Ýylyň başyndan bäri welaýat we etrap-şäher merkezi kitaphanalarynyň işgärleri tarapyndan elektron kataloga salnan kitaplaryň sany 4 müň 500-den geçdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector