BILIM

Şu ýyl Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw jaýlaryna geçen ýyldakysyndan köp talyp kabul ediler

Şu ýyl Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlaryň 15326-syny okuwa kabul etmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa geçen ýyldakydan 320 adamyň köpdügini aňladýar, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Şeýle-de, şu okuw ýylynda ýaşlaryň 10490-sy ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul ediler. Bu san geçen ýylky bilen deňeşdirilende 380 adamyň artykdygyny görkezýär.

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň käbirine resminamalary welaýatlarda kabul edýärler we giriş synaglaryny ýerlerde geçirýärler. Lebap welaýatynda ol Türkmenabat şäherindäki okuw jaýlarynda guralar. Resminamalaryň kabul edilýän ýerleriniň salgysy we beýleki maglumatlar dalaşgärleriň dykgatyna köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ýetirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: